- aýralyk
- 1) Birek-birekden aýra düşmeklik, watanyňdan iliňden jyda, hijran düşmeklik.∙ Emma indi siziň bilen aýralyk wagty geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ikimiziň aramyza ajy aýralyk salarlar öýdüp gorkýaryn. (A. Gowşudow, Köptdagyň eteginde)2) Ölüm-ýitim.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem aýralyk - aýralygy.◊ aýralyk çogy — Aýralyk ody, aýralyk derdi, azaby.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.